Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri

15 Noýabr 2024
333

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan nobatdaky «Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri» taýýarlanylyp, çap edildi. Ol 2007 — 2023-nji ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Mälim bolşy ýaly, statistik hasabat ykdysadyýet bilen bagly dürli işjeňlikdäki ýagdaýlarydyr hadysalary seljermek we olara baha bermek üçin iň möhüm gurallaryň biri bolup durýar. Hasabatyň bu görnüşi hakyky ýagdaýlardyr sanlara esaslanýan, netije çykarmak babatda binýat bolup hyzmat edýän toplumlaýyn we yzygiderli maglumatlardan ybaratdyr. Ol aýry-aýry çeşmelerden ýygnalan maglumatlary özünde jemleýär hem-de olary umumylaşdyrmak üçin statistik seljermäniň dürli usullaryndan peýdalanylýar. Ýurdumyzda düzümleýin özgertmeleriň çuňlaşdyrylmagyna esaslanýan täze durmuş-ykdysady nusga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, maliýe ulgamynda, durmuş çygrynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň binýadynda senagat-innowasion görnüşli ykdysadyýeti çalt depginde kemala getirmäge geçilýän häzirki döwürde statistikanyň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Statistiki maglumatlar Türkmenistanda makroykdysady işleri dolandyrmak we meýilleşdirmek ulgamynda, býujet taslamalaryny düzmekde, uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda örän möhümdir. «Statistika hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Statistika baradaky döwlet komiteti statistiki maglumatlary emele getirmegi statistika usulyýetiniň esasynda amala aşyrýar we bu işde halkara tejribede giňden ulanylýan standartlardan ugur alynýar.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar