Döwrüň sapasy — kalbyň şypasy

23 Oktýabr 2024
268

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülen ata Watanymyzda ynsan saglygy ýurduň baýlygyna deňelýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki gazanan üstünlikleri, ýola goýlan döwrebap saglyk hyzmatlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bilşimiz ýaly, ýakynda ýurdumyzyň ähli künjeginde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Bu hünär baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda döwrebap saglygy goraýyş desgalary — 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Şol gün ak şäherimiziň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylmagy hem baýramçylygyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýeri gelende bellesek, bu şaýola germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Baýramçylyk günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze 16-njy jiltiniň çapdan çykmagy hem ähli halkymyzda hoşallyk we çuňňur kanagatlanma duýgularyny döretdi.

Güljahan ÖWEZOWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar