Türgenleriň kemala gelýän, kämilleşýän mekdebi

16 Oktýabr 2024
344

Eziz Watanymyzda sportuň ösmegi, sagdyn ýaş nesilleriň kemala gelmegi üçin uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Watanymyzyň sport abraýy belende göterilýär. Häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň sanynyň günbe‑günden artmagy örän buýsandyryjydyr.

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän köpugurly sport toplumlary, stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berlip, ol ýerlerde türgenleri taýýarlamagyň usullary we sport ýaryşlaryny geçirmegiň tejribesi yzygiderli kämilleşdirilýär. Magtymguly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebi hem şeýle desgalaryň biri bolup, ol ýerde 2013-nji ýyldan, ýagny açylan gününden bäri dürli ýaşdaky türgenler tälim alyp gelýärler. Bu mekdepde sportuň türkmen milli göreşi, boks, stol tennisi, woleýbol, kenarýaka woleýboly, küşt ýaly görnüşleri boýunça ýaşlara tälim berilýär. Şeýle hem mekdepde etrap, welaýat, ýurt derejelerinde ýaryşlaryň yzygiderli geçirilip durulýandygynam bellemek gerek. Magtymguly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy Daýanç Orazmuhammedow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

Aýjan ABAÝEWA.
Beýleki habarlar