Ýüwrük elli — ýygymda belli

8 Oktýabr 2024
424

Ekerançylykda gowaça, galla, gant şugundyry ýaly esasy ekinleri ösdürip ýetişdirmekde we olaryň hasyllaryny öz wagtynda ýygnap, döwlet tabşyrygyny möhletinden öň ýerine ýetirmekde ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýan Mary welaýatynyň Garagum etrabynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 20 müň 400 gektarda «ak altynyň» bol hasyly kemala getirildi. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen sähetli gün köpçülikleýin girişilen pagta ýygymynyň depgini bu ýerde barha ýokarlanýar. 48 müň 900 tonna «ak altynyň» Watanymyzyň beýik harmanyna tabşyrylmagy üçin «Ýaryşly iş — ýeňişli iş», «Işeňňir ýaryşda belli» diýen ýaly şygarlary baýdak edinip, zähmet çekýän pagtaçylaryň iri jemgyýetçilik guramalary, aýratyn hem, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýüwrük elli ýygymçylaryň, kombaýnçylaryň, hasyl daşaýjylaryň arasynda yglan edilen ýaryşlaryň ýygy-ýygydan jemlenilip, üstün çykyjylaryň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylmagy bolsa, ýakymly hakykat. Şol hakykata öz işleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirip gelýän Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri ýakynda Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginde bolup, pagta ýygymy möwsüminde öňe saýlanýan ýygymçylary iş üstünde sylagladylar. Bu höweslendiriji çärä şu günler aýratyn uly üns berilýändigi bolsa ýörite bellenilmäge mynasypdyr.

Öz habarçymyz.
SURATDA: Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesiniň başlygy Gandym Orazowyň nobatdaky ongünlükde ýeňiji bolan köpmüňçilere gymmat bahaly sowgatlary gowşurýan pursady. Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.
Beýleki habarlar