Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mynasyp dowamy

25 Sentýabr 2024
442

Şu gün Türkmenabat şäher häkimliginde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Munuň özi berkarar döwletimizde ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyň, halkara hukuk kadalaryna eýerilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda kabul edilen bu çözgüde laýyklykda, welaýatymyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan adamlaryň 456-sy raýatlyga kabul edildi we 31 adama ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralýandygyny, raýatlaryň abadan durmuşy ugrunda yzygiderli alada edilýändigini, dürli milletleriň wekilleriniň agzybirlikde ýaşamaklaryna we zähmet çekmeklerine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar.

Meýlis ÇOPANOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat müdirliginiň harby gullukçysy, podpolkownik.
Beýleki habarlar