Kanunçylygyň talaplary düşündirildi

20 Sentýabr 2024
423

Baş Kanunymyzda adamyň döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýandygy baradaky kada beýan edilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bagtyýar raýatlarymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Bu sazlaşyk döwletiň we jemgyýetiň rowaçlygyny berkidýär. Şeýle derejeli döwletde ýaşaýan adamlar öz orunlarynda halal hem ýadawsyz zähmetleri bilen ösüşlere mynasyp goşant goşmaga borçludyrlar. Şunda, ilkinji nobatda, arassa ýaşamak, halal işlemek, jenaýatçylykly işlerden daşda durmak esasy şertleriň biridir. Bu babatda biz — kazyýet işgärleri wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirenimizde hem tekrarlap gürrüň edýäris, degişli kanunçylyklaryň talaplaryny giňişleýin düşündirýäris.

Golaýda şu maksat bilen Daşoguz şäher Ýaşaýyş jaý ulanyş trestinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa trestiň işgärleri guramaçylykly gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň talaplary düşündirildi. Kodekse döwrüň talaplaryna laýyklykda, degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi, jenaýat hadysalarynyň öňüni almak barada kadalaryň beýan edilýändigi, olardan gelip çykýan netijeler barada gürrüň edildi. Jenaýata getirýän işlerden daşda durup, halal zähmetiň bilen gazanmagyň, ony maşgalaňa, çagalaryňa iýdirmegiň gymmaty barada ündew edilip, çykyşlar durmuşy mysallar arkaly berkidildi. 

Baýrambaý HALMYRADOW,
Daşoguz şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar