Daşky gurşawyň arassalygy — durmuşyň abadanlygy

14 Awgust 2024
755

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak babatda uly işler, düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär» diýen sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri tebigata, daşky gurşawa aýawly çemeleşip, ony ähli taraplaýyn gorap, aýap gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologik abadançylyga aýratyn uly üns berlip, muňa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde alnyp barylýan giň gerimli işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda her ýylda ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmegi, ýaşuly-ýaşkiçi raýatlarymyzyň olara ýokary ruhubelentlikde işjeň gatnaşmaklary halkymyzyň tebigata, daşky gurşawa söýgüsiniň bimöçberdiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde tokaý zolaklarynyň çäkleriniň barha giňelýändigini, munuň bolsa howanyň arassa saklanmagynda, eziz Diýarymyzyň gözelleşmeginde möhüm ähmiýetlidigini buýsanç bilen bellemek gerek.

Sonagül YLÝASOWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar