Ekologiýa medeniýeti — abadançylygyň gözbaşy

3 Iýul 2024
853

Döwletimiz daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ýurduň öz çäginden çykyp, dünýä ýüzünde bitewi ekoulgamy döretmäge, ekologiýa medeniýetini ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmaga, «ýaşyl» ýaşaýşy işjeň wagyz etmäge gönükdirilen netijeli işleri alyp barýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda ähli tagallalar birleşdirilip, degişli kanunlar kabul edilip, bir bitewi jemgyýeti emele getirýän her bir raýatyň ekologiýa medeniýetine eýermegi zerurdyr. Çünki döwletimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty hemişe bolşy ýaly, umumadamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmat edýär.

Ata Watanymyz Türkmenistanyň özüniň ekologik ýagdaýyny gorap saklamak maksady bilen, BMG-niň tebigaty goramak babatdaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz biodürlülik hakdaky we çölleşmä garşy göreş, howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýalara hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna, Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus, şeýle hem BMG-niň suw-batgalyk ýerler hakdaky Ramsar konwensiýalaryna agzadyr. Bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalary amal etmek bilen, döwletimiz tarapyndan her bir raýatymyzyň sagdyn ýaşaýşy we ekologik howpsuzlygy üpjün edilýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar