Ilçi işe başlady

13 Iýun 2024
488

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem myhmana döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda alnyp barylýan, halkymyzyň bagtyýarlygyna, Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler barada giňişleýin gürrüň berildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar