Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokarlanýar

9 Iýun 2024
875

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň garamagyndaky gümrük edaralarynda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, daşaýjylar ýa-da başga dahylly şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda döredilen bu mümkinçilikler, gullugyň düzümlerinde sanly ulgamy has-da ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň ýene bir nobatdaky subutnamasydyr.

Deslapky maglumatlar gümrük edaralaryna «ASYCUDA World» gümrük maglumat ulgamynyň hem-de «1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen, Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky» Gümrük konwensiýasyna laýyklykda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) TIR-EPD maglumat ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşinde berip bolýar. Harytlar baradaky deslapky maglumatlary gümrük edaralaryna diňe bir türkmen dilinde däl-de, eýsem, rus we iňlis dillerinde elektron görnüşde bermek mümkinçiligi hem ýola goýuldy.

Şageldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar