Özbegistanda iki sany ýel elektrik stansiýasy gurlar

13 Maý 2024
1013

Ýurduň Prezidentiniň Karary bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant we Jizzah welaýatlarynda iki sany ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça maýa goýum şertnamasy tassyklandy.

Habarda bellenilişi ýaly, desgalaryň gurluşyk işleri Hytaýyň «Universal Energy» kompaniýasynyň «Peak Wind Alpha» we «Peak Wind Beta» golçur kärhanalary tarapyndan alnyp barlar. Taslamanyň her biri 250 megawat kuwwata eýe bolan iki sany ýel elektrik stansiýadan hem-de elektrik geçiriji ulgamlardan ybaratdyr. Desgalaryň gurluşy üçin aýratynlykda 250 million amerikan dollary möçberinde pul serişdesiniň sarp edilmegi göz öňünde tutulýar.

Şahnaz ANNABERDIÝEWA,
TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar