Goýny barly bahry-Hazar

31 Ýanwar 2024
1665

Gojaman Hazar deňziniň haýwanat we ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Bu ýagdaý onuň geografiki ýerleşişi, deňze guýýan derýalarda dürli görnüşli peýdaly minerallaryň barlygy, suw jandarlary we ösümlikleri üçin iýmit serişdeleriniň köplügi bilen şertlenendir. Uly suw giňişliginiň ekologiýa ulgamyny we tebigy baýlyklaryny goramak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, birleşen tagallalary Hazaryň biodürlüligini gorap saklamaga gönükdirmek, onuň baý tebigy serişdelerini rejeli ulanmak ileri tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Hazaryň ekologiýa ulgamyny we tebigy gurşawyny aýawly saklamak, onuň baýlygyny geljekki nesillere ýetirmek hem möhüm meseleleriň hatarynda durýar».

Hazar parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hasaplanylýar. Hazarýaka sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara derejede maslahatlaryň, duşuşyklaryň geçirilmegi deňiz gurşawynyň durnukly ösdürilmegine we goralmagyna, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, oňa ýaramaz täsir ýetirýän şertleriň öňüni almaga gönükdirilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Hojaguly Hojagulyýew,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň döwlet inspektory.
Beýleki habarlar