Ekologiýa abadançylygy —möhüm talap

19 Dekabr 2023
1030

Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak meselesi häzirki wagtda dünýä derejesinde üns berilmegi, çözülmegi zerur wezipedir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyzda-da daşky gurşawy goramak bilen bagly milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Köpugurly tagallalaryň hatarynda 2019-njy ýylda «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tokaý hojalygyny döretmek, bag ekilen meýdanlary giňeltmek, suwarymly ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak boýunça giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», beýleki maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işlerde daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak meselelerine wajyp orun degişlidir.

Marly BABAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw bölüminiň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar