Söwda ykdysady gatnaşyklar ilerleýär

17 Dekabr 2023
822

Golaýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Braýt Kupemba bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurtlaryň arasynda syýasy geňeşmeleri netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha artýar. Ýer ýüzünde durmuş ugurly dostana gatnaşyklary has-da artdyrmak ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika yklymynda ýerleşýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berilýär.

Şirin BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara gatnaşyklary we Parlamentara gatnaşyklary komitetiniň deputaty.
Beýleki habarlar