Köp derdiň dermany Türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýeti dünýä meşhur bolýar
Türkmen — owal-ahyr saglyga sarpa goýup gelen halk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda beýanyny tapan «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär. Pederlerimizden miras galan bu ýörelge Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýerde bir zady, özem örän möhüm zady aýratyn belläp geçmek gerek: biz milli Liderimiziň ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy ugrunda ýadawsyz alada edýändigi, il bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlara badalga berip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterýändigi bilen birlikde, lukman Arkadag, alym Arkadag bolup, öz raýatlarynyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýandygy, ony goramaga uly üns berýändigi, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýandygy üçin hem buýsanmalydyrys. «Döwletimiziň beýik geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr» diýýändigi üçin buýsanmalydyrys. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdür