Arassaçylyk we sagdyn iýmitlenmek

4 Ýanwar 2021
2007

Arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgesi abadan ýaşaýşyň girewidir. Arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi ýokanç kesellerden goranmagyň esasy tärleriniň biridir.

Gyş paslynyň gelmegi bilen, möwsümleýin döreýän ýokanç keselleriň aralaşmagy raýatlary has-da ätiýäçly bolmaga borçlandyrýar. Şahsy goranyş serişdeleri bolan agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmek ýokanç keselleriň bedene aralaşmagynyň öňüni almagynyň wajyp şertidir.

Muhammetmyrat GURBANOW,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň keselleriň öňüni alyş bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar