Şöhratly taryhymyz

23 Mart 2021
2471

Halkymyzyň beýik geçmişiniň, şöhratly taryhynyň bolandygyna ata-babalarymyzdan bize miras galan taryhy-medeni, arheologiýa ýadygärlikleri arkaly göz ýetirmek bolýar. Şeýle taryhy binagärlik ýadygärlikleri welaýatymyzyň çäginde hem onlarçadyr. Olar welaýatymyzda ýerleşýän taryhy-medeni döwlet goraghanalary tarapyndan goralýar. Bu ugurda «Gökdepe galasy» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň alyp barýan işlerini agzamak bolar. Agzalan taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan türkmen halkynyň geçmişdäki baý mirasy bolan gadymy medeni ýadygärlikleri aýawly gorap saklamak, öwrenmek babatynda degişli tagallalar edilýär.

«Gökdepe galasy» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hasabynda taryhy ýadygärlikleriň 88-si, şol sanda arheologiýa ýadygärlikleriniň 60-sy, arhitektura ýadygärlikleriniň 28-si bolup, olaryň 46-sy Gökdepe etrabynyň, 42-si Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýär. Goraghanada taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek, rejelemek, dikeltmek, şeýle-de milli taryhy-medeni mirasyň desgalarynyň asylky durkunyň abat ýagdaýda geljekki nesillere ýetirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar, ylmy gözleg, taslama hem-de önümçilik işleri amala aşyrylýar.

Baky ANNAMUHAMMEDOW,
Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.
Beýleki habarlar