Zehiniň zyýat bolsun! (Siziň deň-duşuňyz)

8 Mart 2021
1688

«Adama zehin owaldan berilýär» diýlenine tüýs ýürekden ynanmaly. Sebäbi ulularyň başarmaýan zatlaryny käbir kiçi ýaşly çagalardyr ýaşlaryň başarýandygy haýran galdyryjy waka. Ine, Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Züleýha Güýçmyradowa hem tebigy zehinli çagalaryň biri. Ol heniz 1-nji synpda okaýarka Wekilbazar etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy — atasy Suhanberdi Allajaýewden küşt oýnunyň inçe tilsimlerini öwrendi. Haçan-da Suhanberdi aga ýoldaşlary bilen küşt oýnamaga başlasalar, Züleýha hem derrew olaryň ýanynda häzir bolupdyr. Soňlugy bilen ol ata-enesiniň goldaw bermegi esasynda ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebine gatnap başlaýar. Ýüregi joşgunly gyz tälimçisi Meretgeldi Amangeldiýewiň ýardamy, şeýle-de yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde Aşgabat şäherinde hem-de ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde deň-duşlarynyň arasynda küşt boýunça guralan bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýär. Ýaşajyk küştçi geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda 1-nji orny eýeländigi üçin Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Hormat hatyna mynasyp boldy.

Maşgalanyň iň uly perzendi bolan Züleýha jigileri Ýusup bilen Raşide oňat görelde görkezýär. Orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýan Ýusup hem-de heniz çagalar bagynda terbiýelenýän Raşit ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebine gatnaýarlar. Perzentleriniň okamaga, öwrenmäge, esasan-da, küşt oýnamaga bolan höwesi, başarjaňlygy ata-enesini juda buýsandyrýar.

Arzygül RAHMANOWA,
Metbugat merkeziniň işgäri.
Beýleki habarlar