Sagdyn maşgala — sagdyn nesil

2 Mart 2021
1729

Şeýle at bilen Änew şäherindäki sport mekdebinde köp çagaly maşgalalaryň arasynda maşgala sport bäsleşigi geçirildi. Welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan köp çagaly maşgalalar gatnaşdy.

Bäsleşigiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, türkmen maşgalasynyň beden taýdan sagdynlygyny we bitewüligini gazanmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrundaky tagallalary barada söz açylyp, ýaryşa gatnaşýan bagtyýar maşgalalara üstünlik arzuw edildi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: maşgala bäsleşiginden pursatlar. Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar