Sport äleminiň Ýyldyzy

21 Fewral 2021
1802

Dünýä derejesindäki at-abraýy ýyl-ýyldan belende galýan eziz Watanymyzda mähriban Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle atalyk aladalaryna jogap edip, halkara derejesinde geçirilýän dürli ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelemek arkaly öz sagbolsunlaryny ýetirýärler. Şeýle ýaşlaryň biri hem 1998-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda doglan Ýulduz Jumabaýewadyr.

Ýulduz heniz kiçijik wagty özi bilen deň gyzjagazlardan güýçlüligi we çydamlylygy bilen tapawutlanyp, önüp-ösen ýerlerinde woleýbolçy gyzlaryň arasynda top oýnap, olardan hem çeýelik, çakganlyk babatynda güýçlüräk gelýän eken. On bir ýaşyna ýeten gyzjagyň sportda üstünlik gazanyp biljekdigine göz ýetiren ene-atasy Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi hem-de Ýulduzyň daýysy Zeripbaý Kerimbaýewe ýüz tutupdyrlar. Sporta nähili başlandygy barada gürrüň bermegini haýyş edenimizde Ýulduz çagalygyny ýatlap, şeýle jogap berdi:

Amangözel GUWANÇMYRADOWA,
«Güneş».
Beýleki habarlar