Sebitara gatnaşyklar pugtalanýar

12 Fewral 2021
1595

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, ähli mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirýän eziz Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy has-da pugtalanýar. Türkmenistan deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Döwletimiz bu möhüm ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklary saklamak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni hyzmatdaşlygyň çäklerini ep-esli giňeltdi, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda belent maksatlar bilen başlanan ýylymyzyň ilkinji günlerinde türkmen tarapynyň hasabyna gurluşyk işleri alnyp barlan üç iri desganyň — Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlary gurlup ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýurdumyzyň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi.

Dünýägözel HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar