Wagyz-ündew maslahaty

27 Ýanwar 2021
1268

Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-ündew maslahaty geçirildi.

«Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak, ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistan döwletimizde her bir raýatyň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaşlar sport äleminde uly üstünlik gazanyp, ýaşyl Tugumyzy dünýä ýüzüne tanadýarlar» diýip, maslahatda çykyş edenler bellediler. Ýaşlary sporta höweslendirmekde dünýä nusgalyk beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 

Oguljennet ORAZOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar