Böwürsleniň peýdasy

27 Ýanwar 2021
1518

Türkmen tebigaty adam saglygy üçin peýdaly ösümliklere örän baý. Häzirki wagtda howanyň sowamagy, şeýle-de howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly döreýän möwsümleýin ýiti respirator keselleriň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän ösümlikler örän netijeli serişdeleriň biridir. Şolaryň hatarynda böwürslen ösümligi adam bedeni üçin peýdaly witaminlere baýdyr. Häzirki wagtda böwürsleniň miwesinden telekeçilerimiz tarapyndan taýýarlanan ýörite gaplamalar ýurdumyzyň dükanlarynda halkymyza hödürlenýär.

— Böwürsleniň iýmişinde 10 göterime çenli şeker (glýukoza, fruktoza), organiki turşulyklar, B, C, E toparynyň witaminleri, kaliniň we misiň duzlary saklanýar.

Beýleki habarlar