Parahatçylygyň owazy dünýä ýaň salýar

25 Ýanwar 2021
2303

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ganatly şygara beslenen üstümizdäki ýylymyzyň ilkinji günlerinde badalga berlen döwletli tutumlar parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwerlikli ýol-ýörelgelere eýerýän merdana halkymyzyň ýürek owazyny dünýä doldurdy.

Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzda ykdysady, medeni-durmuş babatda gazanylýan şanly ösüşler giň gerimli maksatnamalary, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Nebitgaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda güneşli Diýarymyzyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän hem-de ynamly öňe barýan döwletdigini ykrar edýän giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Gunça KULYÝEWA,
«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar