Edebiýat — dünýäniň şamçyragy

2 gün öň
60

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halkyna bagyş edýän bagtly pursatlary her bir ömrüň şuglazar şamçyragydyr, her ykbalyň rehnet nurudyr, geljegiň aýdyň ýoludyr. Bu ýylda hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany bilen maňa-da Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanmak bagtynyň miýesser edenligi üçin begenjimiň, buýsanjymyň çägi bolmady.

Golaýda bolsa maňa ýene-de bir abraýly baýraga — Atatürk Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasy tarapyndan “Dilde, pikirde, işde birlik. Türki dünýäsiniň edebiýaty (hekaýa) baýragyna” mynasyp bolmak bagty nesip etdi. Bu halkara edebiýat bäsleşigine onlarça ýurtdan ýazyjylaryň eserleri gatnaşdyrylyp, saýlap-seçiş topary tarapyndan meniň “Dünýäniň yşky” atly hekaýalar, nowellalar kitabymyň baýraga mynasyp görülmegi diýseň buýsandyrdy.

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Beýleki habarlar