Bilelikdäki filmiň Daşkentdäki görkezilişi

26 Dekabr 2024
111

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem tamamlanyp barýar. Bu ýylda beýik türkmen şahyrynyň at-owazasy, sözüň doly manysynda, dünýä ýaň saldy. Onuň hormatyna Zeminiň çar künjeginde dürli mazmunly çäreler ýaýbaňlandyryldy. «Magtymguly — biziňem şahyrymyz!» diýýän özbek doganlarymyz bolsa görnükli akyldaryň ýubileýini öz ýurdunda has uludan dabaralandyrdylar. Şu ýylyň fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigi hemmämize mälimdir. Şol Kararda özbek we türkmen kinematograflary tarapyndan şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan filmi surata düşürmek hem möhüm wezipeleriň biri hökmünde bellenildi. Şunlukda, bilelikdäki tagallalar esasynda «Magtymguly Pyragy» atly çeper film döredilip, ol paýtagtymyzda geçirilen «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň çäginde ilkinji gezek görkezildi. Golaýda bolsa Özbegistanyň Milli kino köşgünde bu film özbek kinosöýüjileriniň dykgatyna ýetirildi.

Mälim bolşy ýaly, şanly ýylyň dowamynda türkmen kinematograflary Türkiýede, Özbegistanda, Azerbaýjanda, Hindistanda, Eýranda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda bolup, Magtymgula bagyşlanan filmler tapgyryny taýýarladylar. Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň we Özbegistanyň Milli kinematografiýany ösdürmek boýunça merkeziniň goldaw bermeginde surata düşürilen filmiň esasy aýratynlygy bolsa onda şahyryň durmuşyna degişli täze maglumatlaryň beýan edilýänligidir. «Çeper filmiň taryhy ugra degişlidigi sebäpli, biz artistleriň uly topary, kinoçylaryň köp sanlysy bilen iş alyp barmaly bolduk. Muňa garamazdan, gysga wagtda ägirt uly iş edildi. «Magtymguly Pyragy» filmi iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyny şöhratlandyrýandygy üçin aýratyn ähmiýete eýedir» diýip, filmiň baş režissýory Muzaffarhon Erkinow aýdýar.

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar