“Aşgabada gelip, çagalygyma dolanýaryn”

25 Dekabr 2024
144

Şu günler paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň aýdymçylarynyň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şowhunly çykyşlary uly ruhubelentlikde dowam edýär. Düýn russiýaly zehinli aýdymçy Olga Şultaýsyň hem-de özbegistanly estrada ýyldyzy Osman Nowruzowyň türkmen aýdymçy-sazandalary bilen bilelikdäki konserti boldy. Bizem Aşgabatda doglan russiýaly aýdymçy Olga Şultaýs bilen söhbetdeş bolup, onuň Täze ýyl gutlaglaryny we paýtagtymyz bilen bagly ýatlamalaryny okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.

— Aşgabat — durmuşymyň iň süýji günleriniň, çagalyk ýyllarymyň geçen ýeri. Men şu şäherde doguldym, önüp-ösdüm, sungat älemine-de ilkinji gezek şu ýerde gadam basdym. Şonuň üçin bu gözel mekanyň durmuşymdaky ornuny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Aşgabat hakyndaky ýüregimde beslän arzuw-umytlarymy, küýseg-telwasymy «Paýtagt» atly aýdymymda jemlemäge çalyşdym. Geçen ýylky Täze ýyl baýramçylygynda-da ata Watanymda konsert maksatnamasy bilen çykyş etmek miýesser edipdi. Şonda bu aýdymy hut şu sahnada ähli zehin-yhlasymy siňdirip ýerine ýetirmäge çalyşdym. Ol tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Bu ýyl bolsa türkmen paýtagtyna bagyşlap «Ak şäherim Aşgabat» atly ýene bir aýdymy döretdim we ony türkmen dilinde ýerine ýetirdim. Bu aýdyma «Näzli» tans topary hem sazlaşykly çykyşy bilen bezeg berdi. Mundan başga-da, şu gezekki konsertde «Tarantino», «Meniňki», «Adamlar ýyldyzlar ýaly», «Arzuw et», «Kötellerden geçip, ýyldyzlara tarap» ýaly täze aýdymlarymy tomaşaçylara hödürledim. Gahryman Arkadagyň «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgularynyň sözlerine döredilen aýdymlary aýtmak meniň üçin has-da buýsandyryjy boldy. Men olaryň üsti bilen dogduk Diýarymda baýramçylyk konserti bilen çykyş etmäge giň mümkinçilikleri döreden türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlygymy beýan etdim.

Ýazga geçiren Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Hasan MAGADOW.
Beýleki habarlar