Baýramçylygy asudalykda garşylalyň!

18 Dekabr 2024
127

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri watandaşlarymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ony asudalykda geçirmegi arzuw edýärler hem-de raýatlara öz maslahatlary bilen ýüzlenip, şulary ýatladýarlar.

Köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde mugallymlaryň, synp ýolbaşçylarynyň, terbiýeçileriň nobatçylygy ýola goýlup, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly berjaý edilmelidir. Nobatçylyga bellenilýän ähli işgärler bilen howpsuzlyk çäreleri, ýangyn dörän halatynda adamlary guramaçylykly halas ediş işleri barada gözükdirme geçirip, ol degişli howpsuzlyk kitabynda hasaba alynmalydyr. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegine jogapkär işgärler çäre başlanmazdan öň ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişiniň talabalaýykdygyna, ähli otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine doly göz ýetirmeli. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine jogapkär işgärler arça baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermeli. Ýokarky örtükleri ýanmaga ukyply binalarda baýramçylyk çäreleri 2-nji gatdan ýokary bolmadyk ýerde geçirilmeli. Arça gurnalan otaglardan göni daşaryk ýa-da binanyň basgançaklaryna çykýan azyndan 2 çykalganyň bolmagyny üpjün etmeli. Geçelgeleriň, çykalgalaryň ugrunda arça gurnalmagy gadagandyr. Bezegli arçanyň berk esasda oturdylmagyny üpjün edip, ony jaýyň diwarlarynyň ýokarsyndan 1 metrden az bolmаdyk aradaşlykda ýerleşdirmeli. Binada elektrik yşygy bolmadyk halatynda, oýunlardyr tansly çykyşlaryň diňe gündiz guralmagyna rugsat bermeli. Arçalary çyra bezegi bilen bezemek işi diňe şol ugurdan işleýän, tejribeli elektrik ussasy tarapyndan ýerine ýetirilip, elektrik enjamlaryny gurnamak düzgünleri dürs berjaý edilmeli. Arçany yşyklandyryjylaryň näsazlygy (simleriň gyzmagy, uçgun emele gelmegi...) duýulsa, çyra bezegi haýal etmän öçürilmelidir. Näsazlyk anyklanylyp düzedilýänçä ony ýakmak gadagandyr. Täze ýyl arçasyny ýeňil ýanyjy bezeglerdir oýunjaklar bilen bezemäge, yşyklandyrmak üçin şemleri, bengal otlary, şeýle hem partlaýjy jisimleri ulanmaga rugsat berilmeýär. Arçanyň bezeg çyralaryna elektrik simleri kabel kanallarynda, aýratynlykda çekilip, olaryň birikdirilen ýerleri gysyjylar bilen berkidilmeli we yzgar geçirmeýän sarym bilen berk örtülip, elektrik geçirijiniň ugrunda awtomatik goraýjy oturdylmaly. Çäräniň geçirilýän jaýynda bir adama düşýän meýdan 0,75, eger-de ol ýerde tans edilmegi hem göz öňünde tutulsa, 1,5 inedördül metr bolmaly. Çäräniň gidip duran wagty jaýyň yşyklandyryjy ulgamyny doly öçürmek, kesgitlenen sandan artyk adamlary ol ýere salmak talabalaýyk däldir. Penjirelerinde berk esasda oturdylan demir gözenekleri bolan jaýlarda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çäreleriň geçirilmegine rugsat berilmeýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.
Beýleki habarlar