Baky bagtyýarlygyň toýy

17 Dekabr 2024
135

Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýy — Halkara Bitaraplyk güni Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Welaýatymyzyň merkezi Änew şäherindäki baýramçylyk dabaralary has-da ýatda galyjy boldy.

Welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, talyp we okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda geçirilen dabara welaýat derejesindäki esasy çäreleriň biri boldy. Günüň ir säherinde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň başynda Watanymyzyň goragynda sak duran esgerler nyzam bilen Döwlet baýdagymyzy ýörite sütüniň ýanyna alyp geldiler. Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda ýaşyl Tugumyz baýdak sütüni arkaly belende göterildi.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: dabaradan pursatlar.
Beýleki habarlar