Gerbariý: syrlar we pikirler

17 Dekabr 2024
102

Gadymy döwürlerden bäri adamlar gülleri we ösümlikleri guradypdyrlar hem-de bu ösümlikleri köplenç owadan küýzeleri ýa-da suratlary döretmek üçin ulanypdyrlar. Ýapraklardan nusga ýygnamak 600 ýyl ozal Ýaponiýada ýüze çykypdyr. Botanika gözlegleri üçin niýetlenen gerbariý XVI asyrda döräpdir. Guradylan ýapraklaryň atlary we jikme-jik beýany bolan ilkinji ýygyndy «Pisa Botanika» bagynyň lukmany italiýaly Luka Ghinä degişlidir. XVIII asyrda meşhur botanik Karl Linneý ösümlik dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek üçin olary ýygnamagyň häzirki döwre çenli dowam edip gelýän esasy düzgünlerini döredipdir.

Gerbariý ýygnamagyň onlarça usuly bolup, olaryň hemmesi döredijä we tehniki mümkinçilikler bilen baglydyr.

Sülgün ORAZÇIKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar