Sanly ulgamyň ähmiýeti

17 Dekabr 2024
230

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen birlikde milli bilim we ylym ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Milli bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy netijesinde döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda milli saglygy goraýyş ulgamy ylmy açyşlaryň dünýä tejribesi bilen deň gadam urýar. Guwandyryjy ugurlaryň biri-de ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýär.

Häzirki wagtda talyplara berilýän bilim diňe bir nazaryýetde alan bilimleri bilen ýa-da okuw tejribeligi bilen çäklenmeýär. Talyplar sanly ulgamdaky ylmy edebiýatlar bilen yzygiderli tanyş bolup, dünýä lukmançylygyndan hem habarly bolmaga çalyşýarlar. Milli tejribede sanly ösüşler konsepsiýasyny amala aşyrmagyň esasy ösüş ugurlary hökmünde maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi arkaly lukmançylyk ulgamynyň işini, raýatlara edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek, sanly ulgama tapgyrlaýyn geçmek, önümçilikleri awtomatlaşdyrmak, sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, ilerletmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek wezipeleri öňde durýar. Döwrüň orta çykaran kiberhowpsuzlygy ýurdumyzda sanly ulgamyň ösüşini kepillendirmekde wajyp ähmiýete eýe boldy. Talyplara berilýän bilimleriň hem düýp özeni ösen lukmançylykdan baş çykarmagy öwretmekdir.

Maýa BEKNAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar