Täze ýylyň şatlyk-şowhuny — bagtyýarlygyň şuglasy

17 Dekabr 2024
184

Her bir ýyly ösüşdir özgerişler, uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Mälim bolşy ýaly, her bir maşgalada uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Täze ýyl baýramy bosagada. Durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikler bolsa agzybir halkymyzyň Täze — 2025-nji ýyly mynasyp, ýokary ruhubelentlikde garşylamagyna amatly şert döredýär.

Agzybir halkymyzyň bagtly, bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan Täze ýyl baýramy asylly ýörelgeler bilen utgaşyp, has-da ýokary ruhubelentlige we şatlyk-şowhuna beslenýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 15-nji dekabrda paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Arkadag şäherinde Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralary geçirildi.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar