Dil öwrenmek - wajyp wezipe

9 Dekabr 2024
157

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly üstünliklere beslenýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ylym-bilim babatda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Okuw mekdepleriniň maksatnamalarynda daşary ýurt dillerini işjeň öwrenmek öz mynasyp ornuny tapýar. Elbetde, dilleri öwrenmek üçin döredilýän amatly şertler ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde abraýyny artdyrýar, täze-täze ösüşlere badalga berýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça ençeme ylmy usullar işlenilip düzüldi we döwrüň ösen mümkinçilikleri esasynda işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Dilçi alymlaryň bellemeklerine görä, dil - aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, adamlaryň durmuşynda möhüm bolup durýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda dil öwrenmek, bilim almak esasy ugurlaryň biridir.

Sona KURBANKULYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.
Beýleki habarlar