Daşary ýurt dillerini öwretmekde täzeçil usullar

11 Dekabr 2024
202

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Iki günläp dowam eden maslahatda dilleri öwrenmegiň we okatmagyň döwrebap usullary, Türkmenistanda dil bilimini ösdürmekde ýetilen sepgitler, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda ýurdumyzda aýry-aýry dilleri öwretmekde daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleniň çykyşy hem bu ugurdaky türkmen-fransuz gatnaşyklaryna bagyşlandy.

Begli ABDYKADYROW.
Beýleki habarlar