Şygryýet äleminiň çyragy

30 Oktýabr 2024
322

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen halkara forum dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiz forumda eden taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň toýunyň bu gün dünýäniň toýuna öwrülendigini, tutuş halkymyzyň, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleriniň hem asyrlarboýy onuň parasatly pikirlerine eýerendiklerini belläp, beýik söz ussadynyň şygryýet äleminiň döwürleriň we siwilizasiýalaryň arasynda akyl-paýhasyň köprüsi bolandygyna ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren pikirini goldamak bilen, foruma gatnaşyjylaryň ählisi beýik söz ussadynyň döredijilik äleminiň tutuş adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek ykrar etdi.

Akmaral HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar