Gymmatly gollanma

19 Oktýabr 2024
322

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga, lukmançylygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn üns berlip, bu ugurda amala aşyrylýan işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň halkymyza gowuşmagy-da munuň aýdyň subutnamasyna öwrülen şanly waka boldy. Milli Liderimiziň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky ylmy-ensiklopedik işi ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenler, şol sanda bu ugurdan bilim alýan talyplar üçin hem gymmatly gollanmadyr.

Sahawatly türkmen topragynyň dermanlyk häsiýetleri özünde jemleýän, dürli keselleri bejermekde peýdalanylýan ösümliklere baýdygy asyrlarboýy mälimdir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň üsti bilen ýurdumyzyň dermanlyk tebigy gorunyň bejerijilik häsiýetlerini, halk lukmançylygynda we ylmy taýdan peýdalanylyşyny, dermanlyk ösümlikler arkaly näsaglary bejermegiň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Dermanlyk otlaryň ýüzlerçe görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş okyjylary türkmen halkynyň lukmançylyk ylmyna uly goşant goşmakdaky köpasyrlyk tejribesi we däpleri bilen hem tanyşdyrýar. Dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýändigi bolsa bu eseriň ylmy taýdan örän ähmiýetli bolmagyny üpjün edýär.

Gadam SÖÝEGOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň talyby.
Beýleki habarlar