Pagtaçylara sowgatlar gowşuryldy

18 Oktýabr 2024
398

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň guramagynda etrabyň “Bereket” daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Bu dabaraly duşuşyga kärendeçiler, kombaýnçylar, awtoulag sürüjileri we ýygymçylar gatnaşdylar.

Gysga wagtlyk dynç alyş mahaly bolan duşuşykda pagtaçylara pagta ýygymyny öz wagtynda guramaçylykly geçirmekde üstünlik arzuw edildi. Duşuşykda pagta ýygymy möwsüminiň nobatdaky ongünlüginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Degişli döwürde aýratyn tapawutlanan kombaýnçylara, pagta daşaýjy awtoulag sürüjilerine hem-de ýokary netije görkezen kärendeçilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gülbahar IŞANKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar