«Saglygym — begligim»

11 Oktýabr 2024
432

Ýakynda Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Öňdebaryjy ýaş saglygy goraýyş işgärleri — döwrümiziň buýsanjy» ady bilen baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň çäginde zähmet çekýän öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen bu maslahatda çykyşlara giň orun berildi.

Olarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyl käri lukman bolan Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda adam saglygyny goramak, ony dikeltmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça zerur şertleriň ählisi döredilýär.

Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar