Anur Kumar ýeňiş gazandy

26 Sentýabr 2024
361

  “Milli halk güýçleri” bileleşiginiň lideri Anur Kumar Dissanaýake Şri-Lankada geçirilen Prezident saýlawynda ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň saýlaw topary habar berdi. 22-nji sentýabrda geçirilen saýlawlarda 55 ýaşly Dissanaýake 42,31 göterim ses bilen ýeňiş gazandy. Sajita Premadasu ikinji, häzirki Prezident Ranil Wikremesinghe üçünji orny eýeledi.
Saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, ýurtda ses beren 13,6 million adamdan 5,6 milliondan gowragy Dissanaýake ses berdi. Täze prezident 23-nji sentýabrda kasam kabul etdi. Ol kasam kabul edişlik dabarasynda azyk çökgünligine garşy göreşmek, bilime we saglygy goraýyşa maýa goýumlaryny çekmek we Şri-Lankanyň ykdysady ösüşiň üstünde işlemekçidigini aýtdy.
Dissanaýakeniň syýasy karýerasy 1988-nji ýylda Sosial talyplar assosiasiýasynyň milli guramaçysy bolup işlän döwründen bäri dowam edýär. Syýasatçy 1995-nji ýylda Merkezi işçiler komitetine goşulup, 2001-nji ýylda parlamentiň agzasy bolandan soň “Halk azat ediş fronty” partiýasynda ýokary wezipelerde işläp başlady. 2004-2005-nji ýyllar aralygynda Şri-Lankanyň Oba hojalygy, maldarçylyk, ýerler we suwaryş ministri wezipesinde işledi. 2014-nji ýylda Dissanaýake Halk azat ediş partiýasynyň lideri boldy.
Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasy Günorta Aziýanyň bir döwletidir. Bu ýurt 1972-nji ýyla çenli Seýlon diýlip atlandyrylypdyr. Sanskrit dilinden terjime edeniňde ol “Abadan ýurt” diýen manyny berýär. 9 welaýatdan ybarat bu ýurduň 21 million 676 müňe golaý ilaty bar. Ýurt 1948-nji ýylyň 4-nji fewralynda garaşsyzlygyny alýar.  

Beýleki habarlar