Dil bilen açylýar dünýäniň ýüzi

26 Sentýabr 2024
412

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, okuwçylara we talyp ýaşlara daşary ýurt dillerini öwrenmäge, bu ugurda tejribe alyşmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Şu ýylyň 4 — 9-njy sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen 24-nji Puşkin adyndaky halkara bäsleşikde Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Aýsapar Sazakowa baýrakly orna mynasyp boldy. Bu bäsleşige dünýäniň 21 ýurdundan 239 sany iş kabul edilip, şolardan 50 adam onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi. Ýeri gelende bellesek, bäsleşigiň şu gezekki tapgyrynda ýurdumyzdan 4, şol sanda welaýatymyzdan 2 mugallym ýeňiji bolmagy başardy. Boldumsaz etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mugallymy Maral Öwezowa hem bu bäsleşikde baýrakly orna mynasyp boldy. «Rossiýskaýa gazeta» gazetiniň redaksiýasynyň yglan eden bu bäsleşigi 2001-nji ýyldan bäri her ýylda geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde bilim işgärleriniň guwandyryjy netijeleri gazanýandygyny alamatlandyrýar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.
Beýleki habarlar