Gaýtalanmajak sungat eseri

15 Awgust 2024
710

Dürli döwürlerde ussatlaryň ylhamyny özüne siňdiren milli medeniýetiň tämiz owazlary halkymyzyň kalbyna bakylyk mukamy bolup siňýär. Medeniýet halkyň begenjini, buýsanjyny süňňüne siňdirip, ebedilik tapýar. Nepisligi bilen tutuş dünýäde sungat diýlip ykrar edilen milli halyçylyk senedimiz hem gadyry gaçmaýan gymmatlykdyr. Dünýä derejesinde ady arşa galan halylary dokan ussat gelin-gyzlarymyzyň inçe sungaty il gezip, halka, ýurda şöhrat getirýär. Bu gün dünýäniň haýsy künjeginde bolanda-da «Türkmen halysy» diýlip tanalýan beýik sungat halkymyzyň hem ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belentliklere çykarýar.

Türkmenleriň haly önümçiligi köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol türkmen halkynyň taryhy, ýaşaýşy, milli däpleri, tebigy howa şertleri bilen berk baglanyşyklydyr. Gözelligi babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutýan halylarymyz türkmeniň dünýä beren naýbaşy gymmatlygydyr. Halyçylyk sungaty inçe, nepis sungat bolmak bilen, ol ene-mamalarymyzyň baý tejribesini özünde jemleýär.

Tyllanur ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar