Edep bilen bagt tapylar

2 Awgust 2021
2193

Çaga ýaşlykdan görüm-göreldä eýerýär. Perzendiň edep-terbiýesiniň düýp binýady bolsa terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanylýan maşgaladan gözbaş alýar. Ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzent üçin durmuş mekdebi bolup durýar. Türkmen halky öz perzendiniň edepli, bilimli, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly gylyk-häsiýetleri öwredipdirler. Şol ýörelgeler nesilden-nesle geçip, häzirki wagtda-da dowam edip gelýär. Edeplilik, adamkärçilik, medeniýetlilik ilki bilen salamdan başlanýar. Edeplilige ahlaklylygyň daşky ýüze çykmasy hökmünde hem düşünmek mümkin.

Edeplilik we onuň her bir ynsan üçin näderejede ähmiýetlidigi barada Gündogar akyldarlary hem ajaýyp pikirleri aýdyp geçipdirler. Orta asyrlarda ýaşan Gündogaryň görnükli söz ussatlarynyň biri Jelaleddin Rumy: «Ynsan ogly edepden nesibesini almasa, ynsan däldir. Esasan, ynsan bilen haýwanyň arasyndaky parh hem edepdir» diýip belleýär.

Aýna MYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.