Ýagşy ene ýagşy gyza görelde

30 Iýul 2021
2440

Dana pederlerimiz irki döwürlerden bäri perzent terbiýesine iňňän uly ähmiýet beripdirler. Türkmenlerde maşgala çaga terbiýesiniň ojagy hasaplanylýar. Her bir ata-ene bäbeklik döwründen başlap, çagasynyň terbiýesine ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşýär. Perzentleriň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde esasy wezipe maşgalanyň üstüne düşýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda ýörite belläp geçýär. Çaga dünýä inenden soň, maşgaladaky uly ýaşly adamlaryň bar aladasy çaga terbiýesi bolýar.

Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesiniň özboluşly aýratynlygy bardyr. Ol hem ulalandan soň gyza ejesiniň, ogla kakasynyň terbiýe bermegidir. Mysal üçin, ejesi gyzyna tikin-çatyn etmek, haly, palas dokamak, nahar bişirmek, kir ýuwmak ýaly işleri öwredýär. Oglany köplenç kakasy ýa-da babasy terbiýeleýär. Olar oglanlarda mertlik, çydamlylyk, gaýduwsyzlyk, zähmetsöýerlik, birsözlülik ýaly häsiýetleri terbiýeläp, ýaltalyk, kezzaplyk ýaly ýaramaz endikleriň zyýany barada düşünje döredipdirler. Ata-eneler perzentlerinde şeýle asylly sypatlary kemala getirmekde halk döredijiliginiň eserlerinden peýdalanypdyrlar.

Soltangözel PAŞŞIKOWA,
Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.