Az işlemek netije berdi

8 Iýul 2021
1857

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ýur­dun­da iş­gär­le­riň has ön­jeý­li we ne­ti­je­li iş­le­mek­le­ri üçin dür­li ýe­ňil­lik­ler dö­re­dil­ýär, tä­ze tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bi­ler­men­ler adam­la­ryň has az iş­län­le­rin­de ön­jeý­li bol­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. Mu­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­rip gö­ren bir­nä­çe ýurt­da oňyn ne­ti­je alyn­dy. Go­laý­da bol­sa Is­lan­di­ýa­da bu ugur­da­ky iň uly tej­ri­be ge­çi­ril­di. Oňa 2500-den gow­rak adam gat­naş­dy. Iş­gär­le­riň zäh­met ha­ky azal­dyl­maz­dan, iş wag­ty gys­gal­dyl­dy. Ne­ti­je­de, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len işiň azal­man­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Tej­ri­bä gat­na­şan­la­ryň hep­de­lik iş wag­ty 35-36 sa­ga­da çenli gysgaldyldy.

«In­de­pen­dent» ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, Ang­li­ýa­nyň «Au­to­no­my» şe­re­ke­ti bi­len Is­lan­di­ýa­nyň «Al­da» jem­gy­ýe­ti­niň ge­çi­ren sel­jer­me­sin­de tej­ri­bä gat­na­şan iş­gär­le­riň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­la­nan­dy­gy anyk­la­nyp­dyr.