Medeniýet halklary dostlaşdyrýar

27 Fewral 2021
1313

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Bu babatda dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk işjeň häsiýetde ösdürilýär. Milli Liderimiz medeniýetiň ýürekleri, kalplary ýakynlaşdyryjy, halklary dostlaşdyryjy özboluşly güýjüniň bardygyny aýratyn nygtaýar. Öňňin ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň agzalarynyň hem-de halk saz gurallary orkestrleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen konsert hem bu hakykaty ýene bir ýola äşgär etdi.

Onlaýn konsertiň başynda oňa gatnaşyjylar medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda edilýän tagallalar, döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Konsertde Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan, Başgyrdystan Respublikalarynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe, Azerbaýjan, Moldowa ýaly döwletleriň sungat ussatlary üstünlikli çykyş etdiler.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.