Ýaşlar size alkyş aýdýar, Arkadag!

12 Ýanwar 2021
1773

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly boldy.

«Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bilen bagly geçirilýän wagyz-ündew hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmakda, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga bolan höwesini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän watansöýüji, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, baky berkarar döwletimiziň ösüş--özgerişlerine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bagtyýarlyk döwrümiziň öňde goýýan belent wezipeleridir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen Milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlar uly güýçdür» diýip, hoşallyk maslahatynda çykyş edenler buýsanç bilen bellediler.

Toýmämmet REJEBOW.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».