Hoz bagynyň bagbanlary

24 Dekabr 2024
115

Güýz tumşugyny göge tutup, aýazyň ysyny getirip ugranda, giç bişip ýetişýän dal-daragtlaryň hasyly ýygnalyp başlanypdy. Ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi gyzgalaňly dowan edýärdi. Hanhajykga, ýaňyrak ekilen nahallaryň baldajyklary hakyt gyzylinjigiň aýagy dek bolup, gyzaryp otyr. «Dünýä görki — täze nahal» diýleni. Il deňinde biz hem iki düýp hoz nahalyny oturtdyk. Güýz oturdylan nahal ýaza çenli gowy uýgunlaşyp, gyşy bilen yzgary, idegi ýetensoň, ir baharda janlanyp ugraýar. Her kim bir zadyň yşkyna düşýär. Meniň pikir-oýum miwesini göterip bilmän ýegşerip oturan hoz baglarynda. Hudaýa şükür, altyn topragymyz bar, kesewini dürtseňem gögerjek. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hoz agajyny ýetişdirip, bol hasyl alýan başarjaň bagbanlarymyzdan hem dilgir bolar ýaly däl. Olaryň ýetişdiren baglaryny synlap, geň galmakdan ýaňa başyňy kaýyllyk bilen ýaýkap goýbereniňi duýman galýarsyň.

Il içinde: «Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi» diýilýär. Bu durnukly söz düzümi nämedir bir zadyň gowudan-gowusyny islemegi aňladýar. Eýsem, hozuň mürrügi bolanda näme bolýarka?!

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan». Suratda: Ussat bagban Soltan Ödekow mellek ýerinde.