ŞEKILLERE SIŇEN SETIRLER

20 Dekabr 2024
158

Türkmen şekillendiriş sungatynda söz ussady Magtymguly Pyragynyň nurana keşbini döretmeklige ençeme suratkeşler ýüzlendi. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewden başlap häzirki döwüre çenli türkmen suratkeşleriniň ençeme nesli dana şahyryň keşbini döretmäge synanyşyk etdiler. Beýik Pyragy baradaky dilden-dile geçip gelýän halk rowaýatlarydyr hekaýatlary esasynda dürli ölçegde kompozisiýalar döredildi.

«Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ähli sungat, döredijilik adamlary bilen birlikde nakgaşlaryň hem döredijiligine ylham, täze gözleglerine uly itergi berdi. Şonuň netijesinde hem Magtymguly Pyragy hakda täze eserler dünýä indi. Şeýle eserleriň biri hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymlarynyň biri, suratkeş Zakirjan Babaýewiň şahyryň «San bolsam» atly şygryna bagyşlanan monumental eseridir.

Döwletmyrat DURDYÝEW
Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.