Söz manysy

18 Dekabr 2024
184

Ökje ogurlamak

Türkmen diliniň sözlük düzümi gaty baýlygy we köpmanylylygy bilen tapawutlanýar. Okuwçy döwrümden bäri dilimiziň sözlük gory bilen yzygiderli gyzyklanmagym, maňa köp sözleriň manysyny öwrenmäge kömek edýär. Gepleşik dili bolsun, çeper edebiýatda bolsun, kähalatlarda söz düzümleriniň göni manysynda däl-de, göçme manyda ulanylýandygynyň mysallaryna näçe diýseň duşmak bolýar. Mysal üçin, «ökje ogurlamak» diýen söz düzümini alyp görenimizde, bu söz düzümi gepleşik dilinde hem gabat gelýär, çeper edebiýatda hem giňden ulanylýar. Bu ýerde «ökje ogurlamak» diýen söz düzümi «köpçülikden assyrynlyk bilen gitmek, duýdurman saýlanmak, galmak» diýen manylary berýär.

Serdar GARLYÝEW,
TMÝG-niň Boldumsaz etrap geňeşiniň bölüm müdiri.