Rowaçlyklaryň binýady berkidilýär

18 Dekabr 2024
150

Täze ýylyň öňüsyrasynda tamamlanyp barýan ýylyň bize nämeleri bagyş edendigine göz aýlamak, gazananlarymyzy ölçerläp, geljege belent maksatlary tutunmak örän ýakymly. Ildeşlerimiziň saçaklaryndaky bolçulykdan, ýüz-gözlerindäki şatlykdan çen tutubam, hoşlaşyp barýan ýylymyzda garaşylýan tamalaryň, arzuwlaryň hasyl bolandygyny bilip bolýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şowly gadamlaryň buýsançly ýazgylaryny galdyrdy. Bu ýylda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça meýilleşdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýeriň hasyl berijiligini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri döretmek, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly möhüm ugurlarda edilen işler has-da göze görnümlidir.

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýöredýän syýasatlarynyň netijesinde welaýatymyzyň esasy pudaklarynyň biri hasaplanylýan oba hojalygynda häzirki wagtda kuwwatly önümçilik binýady emele geldi. Bu ýagdaý oba hojalyk ekinlerinden ýeterli hasyl ýygnalmagy üçin amatly şertleri üpjün edýär. Şu ýyl bugdaý, şaly we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerinden meýilleşdirilen hasyl artygy bilen ýygnaldy. Welaýatymyzda gök-bakja önümleri bilen ilatyň bütin ýylyň dowamynda üpjün edilýändigi bolsa aýratyn begendirýär. Azyklyk önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän görnüşleriniň aglabasy öz topragymyzda öndürilýär. Ilaty gök-bakja önümleri we dürli görnüşli miweler bilen bütin ýylyň dowamynda üpjün etmek üçin döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň uly topary öz işlerini sazlaşykly ýöredýär. Bu bolsa ekinleriň bol hasylyny ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.